gepleşik kitaby


Bir sahypaly gepleşik kitaby

Bir sahypaly gepleşik kitaby Flarus terjime kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan düzüldi. Taslamanyň işine ene dilinde işleýän redaktorlar we terjimeҫiler gatnaşdylar. Biz hemme ýagdaýlarda ulanmaga bolýan doly bahaly gepleşik kitabyny taýýarlamagy maksat goýmadyk. Bu kitapҫa diňe iň zerur sözleriň terjimesini we transkripsiýasyny öz iҫine alýar.

3 sekuntdan köp däl!

Gepleşik kitabyny düzende biz bir ýönekeý düzgüne esaslandyk - zerur jümleni tapmak üҫin 3 sekuntdan köp wagt gitmeli däl. Biziň redaktorlarymyz ylalaşykly ҫözgüt tapmaga synanyşdylar. Gepleşik kitabynda jümleler köp bolsa, zerur sözi tapmak üҫin köp wagt gerek bolýar we söhbetdeşligi dowam etdirmek kynlaşýar, eger sözler az bolsa gerekli sözüň tapylmazlygy mümkin. Netijesinde biz ähli dillerde iň köp ulanylýan 200 jümleden ybarat gepleşik kitabyny düzdik.

Gepleşik kitabyny ҫap etmek üҫin terjimeniň uguruny saýlap alyň:

"Bir sahypaly gepleşik kitaby" - bu Siziň aragatnaşykdaky ҫaklaňja, amatly we oňaýly kömekҫiňizdir.